Eýranda 19 Adam Ýogaldy

Eýranda Nowruz baýramynyň öň ýanynda ýylyň soňky çarşenbe gijesi geçirilýän “Çarşenbe Suri” dabaralarynda ölenleriň sanynyň 19 adama ýetendigi habar berildi.

1796490
Eýranda 19 Adam Ýogaldy
iran nevruz carsamba suri.jpg
iran nevruz carsamba suri.jpg

Eýranyň Tiz kömek guramasynyň metbugat Sekretary Mujtaba Halidi beren beýannamasynda “Çarşenbe suri” dabaralarynda ýogalanlaryň sanynyň 13-den 19-a ýetendigini, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 2,798 adama ýetendigini aýtdy.

Halidi dabaralarda: “150 adam bosla partlaýyjy maddalar sebäpli ýanyk emele geldi. 880 adam gözlerinden ýaralandy we 171 adam bedeniniň agzalaryny ýitirdi” diýdi.

Şu ýyl geçirilen “Çarşenbe suri” dabaralarynda ölenleriň we ýaralananlaryň sanynyň soňky 10 ýylyň iň ýokary mukdaryny emele getirýändigi beýan edilýän bosla, adam pidalarynyň we ýaralanmalaryň esasy böleginiň dabaralar üçin bikanun ussahanalarda partlaýyjy hem-de ýanyjy madda taýýarlanýarka ýüze çykandygy habar berildi.

Eýranda Nowruz baýramyndan öň ýylyň soňky çarşenbe gijesi geçirilýän “Çarşende suri” dabaralarynda esasanda çagalar we ýazşlar ýakylýan oduň üstünde bökýärler, feýerferkleri atýarlar we partlaýyjy maddalary ýakýarlar. Şol dabaralar her ýylda Eýranda ençeme adamyň ýogalmagyna ýa-da ýaralanmagyna sebäp bolýar. Ýurtda geçen ýylky dabaralarda 8 adam ýogalypdy, 900 adam ýaralanypdy.



Degişli Habarlar