Dünýäniň çar tarapynda Russiýanyň Ukraina garşy başladan hüjümleri protest edilýär

Russiýada söweşe garşy geçirilen protestlerde 850-den gowrak adam göz tussaglygyna alyndy

1795093
Dünýäniň çar tarapynda Russiýanyň Ukraina garşy başladan hüjümleri protest edilýär

Russiýanyň Ukraina garşy başladan hüjümleri dowam edýärkä, dünýäniň çar tarapynda söweşe garşy bolan adamlar protest geçirmäge dowam edýärler. 

Düýn Russiýanyň 37 aýry şäherinde söweşe garşy protest geçirildi. 

Protestlerde Russiýanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putine garşy şygarlar aýdan protestçilere garşy polisiýa işgärleri berk çäre gördüler. 

Ýurdyň paýtagty Moskwa şäheriniň Gyzyl meýdançasynda geçirilen protestlerde 500-e golaý protestçi, ýurt derejesinde bolsa 850-den gowrak protestçi göz tussaglygyna alyndy. 

Russiýada adam hukuklary we söz azatlygy ugurlarynda iş alyp barýan raýat jemgyýetçilik guramasy OVD-Info, Russiýanyň Ukraina garşy 24-nji fewralda başladan hüjümlerinden bäri geçirilýän protestlerde göz tussaglygyna alynanlaryň sanynyň 14 müň 850-ä ýetendigini habar berdi. 

Russiýanyň Ukraina garşy hüjümleri Polşanyň Krakow şäherinde hem protest edildi. 

Ukrainanyň baýdaklary we ýazgyly şygarlar bilen bir ýere jemlenen demonstrantlar, NATO-dan Ukrainanyň territoriýasynyň üstünde uçýan rus uçarlar üçin howa giňişligini ýapmagyny talap etdi. 

Russiýanyň Ukraina garşy hüjümleri Italiýanyň Milan we Ispaniýanyň Madrid şäherlerinde hem protest edildi. 


Etiketkalar: #protest , #Ukraina , #Russiýa

Degişli Habarlar