Ysraýyl, Eýranyň Iki Ýaragly Uçarmansyz Howa Ulagyny Urup Düşürendigini Habar Berdi

2021-nji ýylyň mart aýynda Eýrana degişli iki ýaragly uçarmansyz howa ulagynyň F-35 harby uçarlary bilen urup düşürlendigi nygtaldy

1790930
Ysraýyl, Eýranyň Iki Ýaragly Uçarmansyz Howa Ulagyny Urup Düşürendigini Habar Berdi

Ysraýylyň harby goşuny, geçen ýyl Eýrana degişli iki ýaragly uçarmansyz howa ulagyny F-35 harby uçarlary bilen urup düşürendigini habar berdi.

Ysraýylyň harby goşunyndan berlen ýazmaça beýannamada, Ysraýylyň howa güýçlerine degişli F-35 kysymly harby uçarlaryň, 2021-nji ýylyň mart aýynda Eýrana degişli iki ýaragly uçarmansyz howa ulagyny F-35 harby uçarlary bilen urup düşürendigi nygtaldy.

Beýannamada, Eýranyň ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň Ysraýylyň howa giňişligine girmänkä urlup düşürlendigi bellenildi.

Ysraýylyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berlen habarlara görä, Ysraýyl tarapyndan urlup düşürlen iki ýaragly uçarmansyz howa ulagy Gaza ýarag alyp barýardy.



Degişli Habarlar