“Ukrainany Goranmak Üçin Daşary Ýurtly 20 Müň Meýletin Ýüz Tutdy”

"Häzire çenli 52 ýurtdan tejribeli esgerler we meýletinler ýurdumyza geldi"

1790976
“Ukrainany Goranmak Üçin Daşary Ýurtly 20 Müň Meýletin Ýüz Tutdy”

Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba, ukrainalylar bilen birlikde söweşmek üçin 52 ýurtdan meýletiniň gelendigini aýtdy.

Kuleba metbugata beren beýannamasynda, dünýä ýurtlarynyň Ukraina goldaw berýändigini belledi.

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiýniň ýurtda rus goşunyna garşy daşary ýurtlylaryň hem söweşmegi üçin pursat döredendigini ýatladan Kuleba, “Dünýäniň erkin ynsanlaryň herekete geçmegi bizi geň galdyrdy. Häzire çenli 52 ýurtdan tejribeli esgerler we meýletinler ýurdumyza geldi. Biz olary hakyna tutmadyk, olar meýletin ýagdaýda söweşmek üçin ýurdumyza geldiler” diýdi.

Kuleba, Ukrainany goramak üçin daşary ýurtly 20 müňe golaý meýletiniň ýüz tutandygyny belledi.

 



Degişli Habarlar