Britaniýanyň Premýer ministri Ukrainanyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Beýik Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson, Ukrainany has köp goranyş enjamlary bilen üpjün etmek üçin hyzmatdaşlar bilen bilelikde iş salyşjakdyklary barada kepillendirdi

1790788
Britaniýanyň Premýer ministri Ukrainanyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Premýer ministrligiň ofisinden berilen beýanatda, Boris Jonsonyň Ukrainanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygy, Britaniýanyň halkynyň dolulygyna Ukrainanyň halkynyň arkasyndadygyny aýdandygy habar berildi. 

Beýanatda Jonsonyň Zelenskä we bütin Ukraina halkara goldawyň we haýran galyjylygyň günsaýyn artýandygyny belläp: "Liderler Russiýanyň 24-nji fewralda wagşylyk bilen başladan hüjümleriniň Ukrainanyň asuda halkyna garşy artan howplary ele aldylar we Premýer ministr Boris Jonson, Beýik Britaniýanyň Russiýanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putiniň şowsuz bolmagyny üpjün etmek üçin tutanýerlilgini beýan etdi. Jonson Beýik Britaniýanyň Ukrainany goldamak üçin edýän ädimlerini jemläp aýtdy we iki lider 6 maddadan ybarat nolan halkara hereket meýilnamasyny ele aldylar. Liderler Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň gyssagly gerek enjamlaryny güntertibe getirdi we Jonson Ukrainany has köp goranyş enjamlary bilen üpjün etmek üçin hyzmatdaşlar bilen bilelikde iş salyşjakdyklary barada kepillendirdi" diýip aýan edildi. 

Beýanatda mundan başgada Jonsonyň we Zelenskiýniň Russiýanyň Ukrainada guraýan geleňsiz hüjümleri we düzgün bozmalar sebäpli tizleşen ynsanperwer ýagdaýy maslahatlaşandyklary beýan edildi. 



Degişli Habarlar