ABŞ we G-7-ä Agza Ýurtlar Ukraina Goldaw Berýär

Blinken, G-7-ä agza ýurtlaryň Daşary işler ministri bilen Russiýanyň Ukraina guraýan harby hüjümleri hakynda pikir alyşdy.

1786692
ABŞ we G-7-ä Agza Ýurtlar Ukraina Goldaw Berýär

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, G-7-ä agza ýurtlaryň Daşary işler ministri we Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba bilen Russiýanyň Ukraina guraýan harby hüjümleri hakynda pikir alyşdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Praýs, beren ýazmaça beýannamasynda, Blinkeniň G-7-ä agza Kanadanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň we Britaniýanyň daşary işler ministri bilen birlikde ÝB-niň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini, telefon söhbetdeşligine Ukrainanyň Daşary işler ministri Kulebanyň hem gatnaşandygyny nygtady.

Telefon söhbetdeşliginde Russiýanyň Ukraina guraýan harby hüjümleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyna ünsi çeken Praýs “Blinken bilen G-7-ä agza ýurtlaryň daşary işler ministrleri, Kuleba rus basyp alyşlygyna degişli jogaby berjekdiklerini mälim etdi” diýdi.

ABŞ-nyň we G-7-ä agza ýurtlaryň ukrainanyň halkyna goldaw berýändigine we Russiýa berk sanksiýa goýandygyna ünsi çeken Praýs, “Ukrainanyň halkyna goldaw berýäris we olaryň gahrymançylyklaryny görýäris” diýdi.

 



Degişli Habarlar