Ukraina: "4300 rus esger öldürildi" diýdi

Anna Malýar Facebook hasabyndan beren beýanatynda, Russiýanyň harby güýçleriniň soňky 3 gündäki ýitgileri barada beýanat berdi

1786442
Ukraina: "4300 rus esger öldürildi" diýdi

Ukrainanyň Goranmak ministriniň orunbasary Anna Malýar, ýurduna garşy hüjüm başladan Russiýanyň harby güýçleriniň takmynan  4300 esger, 27 uçar, 26 dikuçar, 146 taňk, 706 sowutly ulag, 49 sany top we 2 gämi ýitgisini çekendigini mälim etdi. 

Anna Malýar Facebook hasabyndan beren beýanatynda, Russiýanyň harby güýçleriniň soňky 3 gündäki ýitgileri barada beýanat berdi. 

Russiýanyň harby güýçleriniň takmynan  4300 esger, 27 uçar, 26 dikuçar, 146 taňk, 706 sowutly ulag, 49 sany top, 2 gämi, 1 Buk zenit ýaragyny, 4 Grad raketa ulgamyny ýitirendigini aýdan Malýar, şol görkezijilere häzirki wagtda dowam edýän çaknyşyklaryň goşulmandygyny habar berdi. 

Ukrainanyň Goranmak ministrligi ozal beren beýanatynda bolsa, Russiýanyň goşunyna degişli howa ulaglarynyň Su-27-ler bilen birlikde S-300 we Buk M-1 howa goranyş ulgamlary bilen ýok edilendigi bellenen beýanatda, ýangyç daşaýan ýük otlusynyň bolsa Baýraktar TB2 ýaragly uçarmansyz howa ulagy bilen ýok edilendigi aýan edildi. 

Russiýa 24-nji fewralda Ukraina garşy harby operasiýa başladypdy. 


Etiketkalar: #Ukraina , #Russiýa

Degişli Habarlar