Russiýa Ukraina Garşy Hüjüm Başlatdy

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Ukrainanyň gündogaryndaky Donbassa garşy harby hüjüm başladandyklaryny habar berdi

1784393
Russiýa Ukraina Garşy Hüjüm Başlatdy
62171320a4f1d.jpeg
Ukrayna.jpg
rusya ukrayna.jpg
rusya ukrayna.jpg
rusya ukrayna.jpg

Wladimir Putin ertiriň irki sagatlarynda telewideniýe arkaly halka ýüzlenip çykyş etdi.

Ukrainanyň gündogyndaky separatist dolanşyklaryň Russiýadan harby kömek sorandygyny ýatladan Putin “Ukrainanyň gündogarynda Donbassa garşy harby operasiýanyň geçirilmegi barada karara geldim. Harby hüjüm 8 ýyldan bäri resmi Kiýew tarapyndan zorluga, gyrgynçylyga sezewar galan adamlary goramagy maksat edinýär. Russiýa Federassiýasynyň raýatlary bilen birlikde asuda ilata garşy jenaýat edýänleri adalata tabşyrmak we Ukrainanyň nasistlikden we militarizmden saplanmagy üçin tagalla ederis” diýdi.

Ukrainanyň topraklaryny basyp almak meýilleriniň bolmandygyny aýdan Putin, hiç kimi zor bilen mejbur etmejekdiklerini habar berdi. 

Russiýanyň harby operasiýasynyň Ukrainany zamun alanlara garşydygyny aýdan Putin, Ukrainanyň raýatlaryna ýüzlenip bolsa: "Şu gün başdan geçirilýän wakalar, Ukrainanyň we Ukrain halkynyň bähbitlerini elinden almak däl, eýsem Russiýanyň Ukrainany zamun alanlardan we ony ýurdumyza we halkyna garşy ulanmaga synanyşýanlardan goramak bilen baglanşyklydyr" diýip belledi. 

Hereketleriniň özlerine garşy bolan howplara we şu gün başdan geçirilenlerden has uly apata garşy özlerini goramakdan ybaratdygyny aýdan Putin: "Nähili kyn bolsa bolsun, bu tragiki sahypany iň gysga wagtda ýapmak we bilelikde öňe gidişlik etmek, hiç kimiň gatnaşyklarymyza goşulmagyna rugsat bermezlik, gatnaşyklarymyzy bilelikde garaşsyz ýagdaýda dikeltmek üçin oňa göz ýetirmegiňize we hyzmatdaşlyk edilmegine çagyrýaryn" diýip belledi. 

Ukrainanyň goşunyna hem çagyryş beren Putin, esgerlerden Kiýewiň buýruklaryny berjaý etmezliklerini isledi. 

Ukrainanyň esgerleriniň Ukrainanyň talaýan we şol adamlary kemsidýän halka garşy bolan hunta däl, eýsem halkyna kasam edendiklerini aýdan Putin: "Onuň buýruklaryna gulak asmaň. Iň gysga wagtda ýaraglaryňyzy taşlap öýleriňize gitmegiňizi haýyş edýärin. Ukrainanyň goşunynyň şol şertleri berjaý eden ähli esgerleri, söweş zolagyndan erkin ýagdaýda çykyp biler we maşgalalarynyň ýanyna gidip bilerler" diýip beýan etdi. 

Beýleki tarapyndan Russiýa, Ukraina we Belarus bilen bolan günbatar serhedinde howa giňişligini ýolagçy gatnawyna ýapandygyny habar berdi.

Russiýanyň federal Deňiz we derýa gatnaw agentligi, Russiýanyň Goranmak ministrliginden alynan görkezmelere laýyklykda Azow deňizinde gämi gatnawlaryň togtadylandygyny mälim etdi. 

Ukraina hem öz gezeginde howa giňişliginiň ýolagçy uçarlaryna ýapylandygyny habar berdi.

Ukrainanyň Döwlet awiasia gullugyndan berilen beýanatda, ýokary derejeli howp sebäpli Kiýewiň wagty bilen sagat 02:45-de ýolagçy uçarlaryna howa giňişliginiň ýapylandygy beýan edildi.



Degişli Habarlar