Çeh Respublikasy Bilen Latwiýa Rus Raýatlaryna Wiza Berilmegini Saklady

Çeh Respublikasy bilen Latwiýa Ukrainadan geljek bosgunlary kabul etmäge taýar

1784804
Çeh Respublikasy Bilen Latwiýa Rus Raýatlaryna Wiza Berilmegini Saklady

Russiýanyň Ukraina guraýan howa hüjümleri sebäpli Günbatarly ýurtlar Russiýa garşy yzly yzyna sanksiýa goýýar.

Çeh Respublikasy bilen Latwiýa rus raýatlaryna wiza berilmeginiň wagtlaýyn saklanandygyny habar berdi.

Çeh Respublikasynyň Premýer-ministri Petr Fiala howpsyzlyk geňeşiniň maslahatyndan soň beren beýannamasynda, Brno we Karlowy Wary şäherlerindäki Rus konsullyklarynyň wagtlaýyn ýapyljakdygyny, Çeh Respublikasynyň Russiýanyň Sankt Peterburg we Ýekaterinburg şäherlerindäki konsullyklarynyň işiniň hem bes ediljekdigini mälim etdi.

Fiala, Çeh Respublikasynyň Ukrainadan geljek bosgunlary kabul etmäge taýardygyny ýene-de bir gezek nygtady.

Latwiýa hem Ukrainadan geljek bosgunlar üçin 10 müň adamlyk bosgun düşelgesiniň taýarlanmagy barada ýörite kararyň kabul edilendigini habar berdi.

Daşary işler ministri Rinkewiç, Russiýanyň Ukraina guraýan hüjümleri sebäpli ýurdunyň Moskwadaky ilçisiniň geňeşmeler üçin yzyna çagyryljakdygyny aýtdy.

Daşary işler ministri, rus raýatlaryna wiza berilmeginiň hem saklanandygyny belledi.

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar