Stoltenberg Russiýanyň Ukraina Hüjüm Etmek Üçin Bahana Gözleýandigini Aýtdy

NATO-nyň baş Sekretary Ýens Stoltenberg Russiýanyň Ukraina hüjüm etmek üçin bahana gözleýändigini aýdyp, Russiýany yza çekilmäge çagyrdy.

1780524
Stoltenberg Russiýanyň Ukraina Hüjüm Etmek Üçin Bahana Gözleýandigini Aýtdy

Stoltenberg NATO-nyň Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirilen maslahatyndan soň beýannama berdi.

Russiýanyň Ukraina serhedine harby güýç getirmäge dowam edýändigini aýdan Stoltenberg; “Russiýany Ukraina serhedindäki esgerlerini yza çekmäge çagyrýarys” diýdi.

NATO-nyň baş Sekretary Ukraina goldawlaryny dowam etdirjekdiklerini nygtap; “Russiýanyň Doneskiň we Luganskyň garaşsyzlygyny ykrar etmegi Ukrainanyň territorial bitewiliginiň basgylanmagy bolar” diýdi.

“Ýaranlar Russiýa bilen dialoga taýýar” diýen Stoltenberg; “Russiýa Ukrainany basyp almak üçin ýeterlik güýje eýe we Russiýanyň Ukrainany basyp almagyna alada bildirýäris. Russiýany esgerlerini yza çekmäge we dialoga çagyrýarys. İş ýüzündäki hakykatlara seredenimizde Russiýanyň Ukraina serhedinde uly harby güýjünin bardygyny hemmeler görýär” diýdi.

NATO-nyň howp däl, eýsem goranyş ýaranlygydygyna ünsi çeken Ýens Stoltenberg, ähli ýaranlary goramak üçin degişli başlangyçlary edendiklerini aýtdy we NATO-nyň diplomatiýa hem-de dialoga ynanýandygyny nygtady.



Degişli Habarlar