Pfizer, Koronawirus Sanjymyndan we Dermanynda Şu Ýyl 54 Milliard Dollarlyk Girdeji Gazanar

Pfizer Kovid-19 sanjymyndan şu ýyl 32 milliard dollarlyk, “Paxlowid” dermanyndan hem 22 milliard dollarlyk girdeji gazanmagy maksat edinýär.

1775883
Pfizer, Koronawirus Sanjymyndan we Dermanynda Şu Ýyl 54 Milliard Dollarlyk Girdeji Gazanar

Amerikan derman firmasy Pfizer, täze görnüş koronawirusa garşy öndüren sanjymyndan we dermanyndan şu ýyl 54 milliad dollarlyk girdeji gazanmaga garaşýandyklaryny mälim etdi.

Pfizeriň 2021-nji ýylyň dördünji çärýeginde gazanan girdejisi 2020-njy ýylyň dördünji çärýegi bilen deňeşdirilende 105 göterim artyp 23,8 milliard dollara barabar boldy.

Firma 2021-nji ýylda jemi 81,3 milliard dollarlyk girdeji gazanypdy.

Pfizeriň nemes firmasy BioNTejh bilen birlikde öndüren koronawirus sanjymy bilen dermanyndan jemi 54 milliard dollarlyk girdeji gazanmagy maksat edinýändigi ýatladyldy.

Pfizer Kovid-19 sanjymyndan şu ýyl 32 milliard dollarlyk, koronawirus kesellileri üçin öndüren “Paxlowid” dermanyndan hem 22 milliard dollarlyk girdeji gazanmagy maksat edinýär.


Etiketkalar: #girdeji , #derman , #sanjym , #Pfizer

Degişli Habarlar