BMG Siriýadaky we Yrakdaky DAIŞ-liler barada maglumat berdi

Siriýada we Yrakda 6 müň bilen 10 müň aralygynda terror guramasy DAIŞ-e agza terrorçynyň bardygy habar berildi

1776370
BMG Siriýadaky we Yrakdaky DAIŞ-liler barada maglumat berdi

BMG-nyň Terrora garşy göreş bölüminiň müdüri Wladimir Woronkow, BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşinde beren maglumatynda, terror guramasy DAIŞ-iň halkara parahatçylyga we howpsuzlyga wehim salmaga dowam edýändigini mälim etdi. 

DAIŞ-iň liderligi we geçmişdäki ýitgilerine garamazdan ýaňadandan toparlanyp bilýändigine we çaknyşyklaryň başdan geçirilýän zolaklaryna barýandygyna ünsleri çeken Woronkow, Siriýada we Yrakda 6 müň bilen 10 müň aralygynda terror guramasy DAIŞ-e agza terrorçynyň bardygyny aýan etdi. 

DAIŞ bilen arabaglanşykly bolan beýleki toparlaryň bolsa biynjalyk ediji derejede giňelmäge dowam edýändigni aýdan Wladimir Woronkow, şol toparlaryň esasan hem Ýakyn Gündogar, Gündogar Aziýa we Günbatar Afrika ýaly sebitlerde täsirini artdyrmagynyň materigiň daşynda hem uly netijeleriniň boljakdygy barada duýduryş berdi. 

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň DAIŞ bilen bagly taýarlan habarnamasynda bolsa terror guramasynyň 25 bilen 50 million dollar aralygynda girdeji çeşmesiniň bardygy çak edilýär. 



Degişli Habarlar