Sergeý Lawrow Bilen Hüseýin Emir Abdullahiýan Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Iki kärdeş, Eýranyň Prezidenti Ibrahim Reisiniň Moskwa guran saparynyň netijeleri hakynda pikir alyşdy

1775491
Sergeý Lawrow Bilen Hüseýin Emir Abdullahiýan Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan bilen Eýranyň ýadro maksatnamasy hakynda pikir alyşdy.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, Lawrow bilen Abdullahiýan telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Iki kärdeş telefon söhbetdeşliginde, Eýranyň Prezidenti Ibrahim Reisiniň Moskwa guran saparynyň netijeleri we saparyň çäginde liderleriň arasynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda özara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy hakynda pikir alyşdy.

Beýannama, Lawrow bilen Abdullahiýanyň sebitara we halkara meseleler hakynda hem pikir alyşandygy nygtaldy.



Degişli Habarlar