Afrinde kamikaze hüjümleriniň öňi alyndy

Siriýada Manbijden Afrina baran ekstremist terror guramasy PKK/PÝD-ÝPG-a agza 1 erkek, 3 zenan jemi 4 terrorçy 13 kg agyrlykdaky C4 partlaýjy maddasy bilen birlikde saklandylar

1776156
Afrinde kamikaze hüjümleriniň öňi alyndy

Siriýanyň Operatiw toparynyň Afrin razwedka gullugynyň işgärleri tarapyndan geçirilen işleriň netijesinde, Manbijden Afrine baran ekstremist terror guramasy PKK/PÝD-ÝPG-e agza 1 erkek we 3 zenan jemi 4 terrorçy hüjümde ulanmak üçin taýarlanylan 13 kg C4 partlaýjy we telefonda işleýän 4 sany žilet bilen birlikde saklandylar. 

Mundan başgada Afrindäki Ýöriteleşdirilen harby topar bölüminiň binasynyň suratyny alan ýene-de 1 adam hem göz tussaglygyna alyndy. 

Göz tussaglygyna alynan adamyň suratlary terror guramasyna pul üçin alandygyny boýun alandygy habar berildi. 


Etiketkalar: #hüjüm , #Afrin

Degişli Habarlar