Germaniýa Türkiýäniň Russiýa we Ukraina Meselesindäki Tagallasyndan Hoşal

Bu barasybda Germaniýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat Sekretary Kristofer Burger metbugat ýygnagynda beýan etdi.

1774788
Germaniýa Türkiýäniň Russiýa we Ukraina Meselesindäki Tagallasyndan Hoşal

Germaniýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat Sekretary Kristofer Burger Türkiýäniň Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky dartgynlygyň çözülmegi ugrundaky tagallalaryna hoşallyk bildirilýändigini aýtdy.

Burger paýtagt Berlinde geçirilen metbugat ýygnagynda Türkiýäniň Russiýa-Ukraina dartgynlygynyň çözülmegi ugrundaky tagallasy hakynda garaýyş beýan etdi.

“Bar bolan düşnüşmezligiň çözülmegi ugrunda her bir goşant elbetde kanagatlanma bilen kabul edilmeli” diýen Burger, Türkiýäniň NATO-nyň ýaranydygyny we Türkiýe bilen NATO-nyň çäginde utgaşykly işleşýändiklerini nygtady.



Degişli Habarlar