Makron Russiýa we Ukraina Sapar Gurar

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron Russiýa we Ukraina resmi sapar eder

1773664
Makron Russiýa we Ukraina Sapar Gurar

Elize köşkünden berilen beýannamada Makronuň 7-nji fewralda Russiýanyň paýtagty Moskwada Prezident Wladimir Putin, 8-nji fewralda Kiýewde döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý bilen duşuşjakdygy habar berildi.

Saparyň guralmagyna Makronuň düýn agşam Putin we Zelenskiý bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliklerinden soň karar berilendigi mälim edildi.

Makronuň Ukraina meselesind düýn ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, ÝB Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel we Germaniýanyň, Gollandiýanyň hem-de İtaliýanyň premýer ministrleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geirendigi habar berildi.

“Le Mond” gazetiniň habarynda Makronuň Russiýa we Ukraina saparlaryndan soň Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şolz hem-de Polşanyň Prezidenti Andreý Duda bilen duşuşmak üçin Berline barjakdygy mälim edildi.



Degişli Habarlar