Kanada: "Russiýa konflikt gözleýär" diýdi

Kanadanyň Premýer ministri Jastin Trýudo Russiýanyň Ukrainany basyp almagynyň agyr we çynlakaý netijeleriniň boljakdygyny habar berdi

1771308
Kanada: "Russiýa konflikt gözleýär" diýdi

Kanadanyň Federal parlamendi Ukraina krizisini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýörite güntertip bilen ýygnandy. 

Kanadanyň Premýer ministri Jastin Trýudo parlamendiň maslahatyna testiniň položitel çykmagy sebäpli karantinde bolan öýünden onlaýn görnüşde gatnaşdy. 

Kanadanyň Ukrainanyň esgerlerine tälim bermäge kömek edýändigini we öňümizdäki 3 ýylyň dowamynda hem şony dowam etdirjekdigini aýdan Trýudo, mundan başgada Ukraina pul we harby enjam ugratjakdyklaryny habar berdi. 

Russiýa Ukrainany basyp almagy saýlan halatynda agyr we çynlakaý netijeleriniň boljakdygy barada duýduryş beren Trýudo, basyp alyşlyk bolan halatynda Russiýa garşy sazlaşykly ýagdaýda ykdysady sanksiýa meýilnamalaryny durmuşa geçirjekdiklerine ünsleri çekdi. 

Esasy oppozisiýadaky Konserwatiw partiýasynyň deputatlarynyň Ukraina ýarag ugradylmagy üçin basyş edýändigini aýdan Premýer ministri Jastin Trýudo, onuň bilen bagly bolsa: "Ukraina üçin ileri tutýan ugrumyz, ykdysady ýagdýada güýçli bolmagydyr" diýip beýan etdi. 


Etiketkalar: #Russiýa , #Kanada , #Ukraina

Degişli Habarlar