Jo Baýden we Al Sani Ak Tamda duşuşyk geçirdiler

Ak Tam ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň we Kataryň Emiri Şeýh Temim bin Hamed Al Saniniň geçiren duşuşygy barada ýazmaça beýanat berdi

1771351
Jo Baýden we Al Sani Ak Tamda duşuşyk geçirdiler

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden we Kataryň Emiri Şeýh Temim bin Hamed Al Sani, Ak Tamda geçiren duşuşyklarynda global energiýa çeşmeleriniň durnuklylygynyň üpjün edilmegi we Owganystan bilen birlikde ençeme ikitaraplaýyn we sebitleýin meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. 

Ak Tam ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň we Kataryň Emiri Şeýh Temim bin Hamed Al Saniniň geçiren duşuşygy barada ýazmaça beýanat berdi. 

Beýanatda iki lideriň Pars aýlagy we Ýakyn Gündogarda howpsuzlygy we bagtyýarlygy artdyrmak, global energiýa çeşmeleriniň durnuklylygyny üpjün etmek, Owganystanyň halkyna goldaw bermek, söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyny artdyrmak ýaly ugurlar boýunça ylalaşyga gelendikleri habar berildi. 

Beýanatda merkezi ABŞ-da ýerleşýän Boeing uçar öndüriji kärhanasy bilen Kataryň howaýollary kärhanasynyň arasynda gol çekişilen 20 milliard dollarlyk ylalaşygyň liderleriň ikisi tarapyndan hem hoşallyk bilen kabul edilendigi mälim edildi. 

Mundan başgada Kataryň we ABŞ-nyň arasynda soňky 50 ýylda berkän strategik hyzmatdaşlygyň nyşany hökmünde Baýdeniň Katary "NATO agza bolmaýan uly hyzmatdaş" hökmünde ykrar etjekdigini aýdandygy habar berildi. 


Etiketkalar: #Al Sani , #Jo Baýden , #Katar , #Ak Tam , #ABŞ

Degişli Habarlar