Beýik Britaniýanyň Premýer ministri Ukraina krizisi bilen bagly tagallalaryny dowam etdirýär

Beýik Britaniýanyň Premýer ministrligi tarapyndan beýanat berildi

1770439
Beýik Britaniýanyň Premýer ministri Ukraina krizisi bilen bagly tagallalaryny dowam etdirýär

Beýik Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson, Ukraina krizisi bilen baglanşykly gan dökülmeginiň öňüniň alynmagy üçin Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş bolar we öňümizdäki hepde sebite sapar gurar. 

Beýik Britaniýanyň Premýer ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Premýer ministr Boris Jonsonyň Ýewropada gan dökülmeginiň öňüniň alynmagy üçin diplomatik tagallalary çaltlandyrmakda tutanýerlidigi mälim edildi. 

Sapar guraljak sebit we wagty barada maglumat berilmedik beýanatda, Boris Jonsonyň Russiýanyň Lideri Wladimir Putin bilen geçirjek telefon söhbetdeşliginde Russiýanyň yza ädim etmegi we diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýmalydygy baradaky teklibini ýaňadadan belläp geçjekdigi habar berildi.



Degişli Habarlar