Lawrow Ukraina Bilen Söweş İslemeýändiklerini Beýan Etdi

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Ukraina bilen söweşmek islemeýändiklerini aýtdy

1769843
Lawrow Ukraina Bilen Söweş İslemeýändiklerini Beýan Etdi

Lawrow: “Bu söweş Russiýa bagly söweş bolmaz” diýdi.

Lawrow rus radiolaryna beren interwýusynda Russiýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky dartgynlyk hakynda-da beýannama berdi.

ABŞ-dan we NATO-dan howpsuzlyk tekliplerini ýazmaça görnüşde alandyklaryna ünsi çeken Lawrow, şol jogaplarda ikinji derejeli meselelerde hakykatçyl faktorlaryň bardygyny aýtdy.

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň Ýewropaja we dünýäniň beýleli sebitlerinde orta hem-de gysga aralyklar üçin niýetlenen raketalaryň ornaşdyrylmagy boýunça “moratoriýa” girizilmegini teklip edendigini ýatladan Lawrow; “Ol, jogaplara degişli edilmändir. Aýratynam türgenleşikleriň iki tarapyň serhetlerinden alysda geçirilmegi, harby uçarlar bilen gämileriň ýakynlaşma aralygy we çaknyşyk bilen dartgynlygyň azaldylmagy, ynamyň güýçlendirilmegi bilen bagly tekliplerimiz bardy. Bularyň ählisi soňky 2-3 ýylda kabul edilmedi. İndi bolsa bularyň ählisini geňeşmegi teklip edýärler” diýdi.

Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda söweş ähtimallygy hakynda-da durup geçen Lawrow; “Ol, Russiýa bagly bolsa söweş bolmaz. Biz söweş islemeýäris. Emma bähbitlerimiziň gödeklik bilen basgylanmagyna we ünsden düşürilmegine hem ýol bermeris” diýdi.



Degişli Habarlar