Germaniýa Terror Guramasy PKK Bilen Arabaglanşykly Firmanyň Işini Bes Etdi

Firma terror guramasy PKK goldaw berýärdi.

1768990
Germaniýa Terror Guramasy PKK Bilen Arabaglanşykly Firmanyň Işini Bes Etdi

Germaniýanyň Federal adminstratiw kazyýeti Içeri işler ministrliginiň ekstremist terror guramasy PKK bilen arabaglanşykly “Messopotamiýa neşiriýat öýi we “MİR multimedia” atly firmanyň işleriniň bes etmegi hakyndaky kararyny tassyklady.

Leipzigdäki appelýasion kazyýet işiniň soňky diňlenşiginde kazyýet “MİR multimedia” bilen Messopotamiýa neşirýat öýüniň ekstremist terror guramasy PKK bilen şahsy, maliýe we konstruktiw arabaglanşygynyň bardygyna karar berdi.

Kazyýetiň kararynda Messopotamiýa neşirýat öýüniň işlerinin PKK üçin propoganda serişdelerini paýlamaga gönükdirilendigi we aýratynam PKK-nyň Ýewropadaky guramalaryndan maliýe kömegini alyp, olaryň öňünde borçly bolandygy nygtalýar.

“MİR multimedianyň” bolsa ekstremist terror guramasy PKK-nyň çärelerine hemaýat edýändigi, firmanyň ýokary dereceli ýolbaşçysynyň PKK agzadygy habar berildi.

Germaniýanyň ozalky İçeri işler ministri Horst Şofer 2019-ncy ýylyň fewralynda “Messopotamiýa neşiriýat öýi we “MİR multimedia” atly firmanyň iş alyp barmagyny ekstremist terror guramasy PKK bilen arabaglanşyklydygy sebäpli gadagan edipdi.

PKK Germaniýada 1993-nci ýyldan bäri gadagan edilen terror sanawynda durýar.



Degişli Habarlar