Putin Erdoganyn Çakylygyny Kabul Etdi

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin Prezident R.T.Erdoganyň çakylygyna laýyklykda Türkiýä geler

1769287
Putin Erdoganyn Çakylygyny Kabul Etdi

Russiýanyň Prezidentiniň Diwanynyň metbugat Sekretary Dmitriý Peskow Putiniň Prezident Erdoganyň Türkiýä çakylygyny hoşallyk bilen kabul edendigini aýtdy.

Peskow paýtagt Moskwada žurnalistlere beren beýanatynda Erdoganyn Putine eden çakylygynyň liderleriň arasyndaky gepleşiklerde gün tertibine gelendigini nygtap; “Hem hökümetara toparda hem-de liderleriň başlyklyk edýän duşuşyklarynyň depgini gowşapdy” diýdi.

Peskow şol duşuşyklara we çärelere Prezident Erdoganyň Türkiýede ýer eýeçiligini etjekdigini aýdandygyny ýatladyp; “Putin Erdoganyň şol çakylygyny hoşallyk bilen kabul etdi. Kowid-19 pandemiýasy we iş kalendary rugsat beren badyna saparyň guralmagy boýunça ylalaşdylar” diýdi.

ABŞ-nyň düýn gije Russiýa gowşuran howpsuzlyk kepillikleri hakyndaky ýazmaça jogaby hakynda-da durup geçen Peskow, Putiniň şol jogaby gönüden özüniň okandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň we NATO-nyň Russiýanyň esasy aladalaryny kabul etmändigine ünsi çeken Peskow; “Şol sebäpli hoşniýetli bolmak üçin artykmaç sebäp ýok. ABŞ-nyň we NATO-nyn ýazmaça jogaplaryny seljermek üçin wagt gerek. Gyssanmaçlyk bilen netije çykarmarys” diýdi.

Peskow resmi Moskwanyň ABŞ-nyň we NATO-nyň jogaplaryna halk köpçüligine açyk jogap bermek hakynda karar kabul edilmändigini aýtdy.

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bolsa ABŞ-nyň howpsuzlyk meseleleri boýunça Moskwa beren jogabynyň oňyn däldigini beýan etdi.



Degişli Habarlar