Kanada Ukrainadaky diplomatlaryň maşgalalaryny ýurtdan çykarar

Kanada Ukrainada iş alyp barýan diplomatlaryň maşgalalaryny ýurtdan çykarar

1768324
Kanada Ukrainadaky diplomatlaryň maşgalalaryny ýurtdan çykarar

Kanadanyň Global gatnaşyklar edarasyndan berilen beýanatda: "Kanadalylaryň, işgärlerimiziň we daşary ýurtda iş alyp barýanlar bilen olaryň maşgalalarynyň howpsuzlygy ileri tutýan ugrumyzdyr" diýip habar berdi. 

Beýanatda: "Ukrainada we onuň töwereginde dowam edýän rus harby güýçleriň üýşürilmegi we durnuklylylgy bozujy aksiýalary sebäpli, Kanadanyň ilçihanasynyň işgärleriniň maşgala agzalaryny ýurda yzyna getirmek barada karara geldik. Kanada we Kiýew şäherindäki ilçihanamyzyň resmileri ýagdaýa ýakyndan gözegçilik etmäge dowam eder" diýip mälim edildi. 

ABŞ we Beýik Britaniýa, Ukrainada iş alyp barýan diplomatlaryň maşgalalaryny ýurtlaryna yzyna getirmek babatynda karar kabul edipdiler, karar Ukrainanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan wagtyndan öň we aşa seresaplylygyň görkezijisi hökmünde häsýetlendirilipdi. 



Degişli Habarlar