Ermenistanyň Prezidenti wezipesinden çekildi

Ermenistanyň Prezidenti Armen Sarkisýan wezipesinden çekilendigini habar berdi

1767127
Ermenistanyň Prezidenti wezipesinden çekildi

Armen Sarkisýan ýazmaça beýanat berip, ýurdunda biri-birinden tapawutly syýasy meseleleriň bardygyny we olara garşy göreş alyp barmak üçin gerek bolan zatlara eýe bolmandygyny habar berdi. 

Prezident hökmünde içerki we daşary meseleleri çözüp biljek güýje eýe bolmandygyny aýdan  Armen Sarkisýan, käbir syýasy toparlaryň bolsa özüni we maşgalasyny nyşana alýandygyny mälim etdi. 

Ady agzalan sebäpleriň saglygyna hem ýaramaz täsir ýetirendigini aýdan  Armen Sarkisýan: "Ençeme wagtlap pikir etdim we 4 ýyldan soň Prezident wezipesinden çekilmek barada karara geldim. Bu karar emosional däl, parasatlylyk bilen kabul edilen karardyr" diýip habar berdi. 

2018-nji ýylda Prezident wezipesine saýlanan Sarkisýanyň wezipe möhledi 2025-nji ýylda dolmalydy. 



Degişli Habarlar