ABŞ, Saud Arabystanyna Ýarag Satmaga Dowam Eder

"ABŞ Saud Arabystanynyň adam hukuklaryny basgylamagyna alada bildirýär, emma şol ýurda ýarag satuwy dowam eder"

1766676
ABŞ, Saud Arabystanyna Ýarag Satmaga Dowam Eder

ABŞ-nyň, Saud Arabystanyna ýarag satmaga dowam etjekdigi habar berildi.

Ak Tam, ABŞ-nyň Saud Arabystanynyň adam hukuklaryny basgylamagyna alada bildirýändigini emma şol ýurda ýarag satuwynyň dowam etjekdigini mälim etdi.

Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Psaki, ABŞ-nyň Saud Arabystanyna ýarag satuwynyň bes edilmegi meselesiniň gün tertibinde bolmandygyny nygtady.

Psaki mesele hakyndaky soraga “Bu mesele gün tertibinde däl. Saud Arabystany bilen uzak ýyllardan bäri ýakyndan gatnaşyk edýäris. Adam hukuklarynyň basgylanmagyna alada bildirýändigimizi Saudy ýolbaşçylara mälim etdik. Howpsyzlyk meselesindäki gatnaşyklarymyz iki ýurduň bähbidine esaslanýar” diýdi.

Saud Arabystanynyň öňbaşçylygyndaky Arap Koalisiýasynyň, Ýemeniň günbatarynda ýerleşýän Hudeýde welaýatyna guran howa hüjüminde köp sanly adamyň ýogalmagy barada durup geçen Psaki, “Asuda ilatyň ýogalmagy gynandyryjy”diýip belledi.



Degişli Habarlar