Ukraina Hüjüm Etmek Russiýa Üçin Pajyga Bolar

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Russiýanyň Ukraina hüjüm etjekdigini çaklaýandygyny, emma onuň netijesiniň Russiýa üçin “pajyga” boljakdygyny beýan etdi.

1765540
Ukraina Hüjüm Etmek Russiýa Üçin Pajyga Bolar

Baýden işe girişmeginiň 1-nji ýyllygy mynasybetli Ak Tamda geçiren metbugat ýygnagynda Russiýanyň Ukraina hüjüm eden halatynda ozal görülip eşidilmedik agyr ykdysady netijelere sezewar boljakdygyny nygtap; “Ukraina hüjüm edip, etmezlik Russiýa bagly. Emma Ukraina haýsydyr bir hüjüm guralan halatynda onuň netijeleri boýunça ymykly oýlanmaly bolarys. Emma serhede getiren goşunlarynyň mukdary ýaly uly işe girişilen halatynda, ol Russiýa üçin pajyga bolar. Russiýa Ukraina hüjüm etse, hyzmatdaşlarymyz we ýaranlarymyz bilen Russiýa zeper ýetiriji uly başlangyçlary etmäge biz taýar. Mälim bolşy ýaly NATO-daky ýaranlarymyza hem golda bereris” diýdi.

Baýden Ukraina häzirki wagtda 600 million dollarlyk ok-däri ugradandyklaryny ünsi çekip, “Ukraina çozuş etseler, ruslaryň adam pidasy köp bolar” diýdi.

Ukrainany basyp alan halatynda onuň Russiýa üçin gysga, orta we uzak möhletli agyr netijeleriniň boljakydygyny beýan eden Baýden; “Rus banklary dollara garşy göreşip bilmez” diýdi.

Baýden Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň sözüň doly manysynda uruş islemýändigine ünsi çekip; “Russiýa günbatary, ABŞ-ny we NATO düýpli synagdan geçirer. Meniň pikirimçe Ukraina çozuş eder” diýdi.



Degişli Habarlar