Britaniýa Ukraina Goranyş Ýaraglaryny Berer

Britaniýanyň Goranmak ministri Ben Wallas rus hüjümlerine garşy Ukraina berilýän ýaragyň mukdaryny artdyrjakdyklaryny we harby tälim berjekdiklerini aýtdy.

1764230
Britaniýa Ukraina Goranyş Ýaraglaryny Berer

Walles parlamentde beren beýannamasynda Ukraina serhedindäki rus güýjüniň mukdary hakynda “hakyky aladanyň” bardygyny aýtdy.

Russiýanyň taýýarlyk derejesiniň iň gowy bolanda durnuksyzlaşdyryjy şertlere, erbet bolanda bolsa çaknyşyga sebäp bolup biljekdigini duýduran Wallas, resmi Moskwanyň “günsaýyn agyrlaşýan howp salyjy çemeleşmesi” sebäpli Ukraina goşmaça goldawyň beriljekdigini mälim etdi.

Wallas; “Ukraina ýeňil anti-tank goranyş ýarag ulgamlaryny berke hakynda karara geldik. Az sanly iňlis hünärmeni Britaniýa gelmewzden ozal Orbital operasiýasyn8yň çäginde gysga möhletli alynky tapgyr talimini berer” diýdi.

Ukrainanyň öz serhetlerini goranmak boýunça ähli hukuga eýedigini we bu goşmaça kömek bukjasynyň şol ukybyny hasam artdyrjakdygyny aýdan Wallas; “Aç-açan aýdanymyzda bu goldaw gysga aralykly we gyranyş maksatly ýaraglary öz içine alýar. Bular strategik ýaraglar däl we Russiýa üçin howp emele getirmeýär, kanuny goranyş üçin ulanylar” diýdi.

Iňlis goranmak ministri Russiýa Ukrainada haýsydyr bir “durnuksyzlygy bozjak aksiýa” guran halatynda “güýje girmäge taýar halkara sanksiýa bukjasynyň” bardygyny nygtady.

 



Degişli Habarlar