Hindistan S-400 Raketa Goranyş Ulgamyny Ulanmaga Başlar

Hindistan Russiýadan alan “S-400” howa goranyş ulgamynyň birinji bölegini aprel aýynda ulanmaga başlar

1763893
Hindistan S-400 Raketa Goranyş Ulgamyny Ulanmaga Başlar

“Hindustan Taýmsyň” goranyşdan jogapkär resmilere esaslandyrýan habarynda Russiýadan kabul edilip alynan “S-400 Triump” ýokary howa goranyş ulgamynyň ornaşdyryş işleriniň dowam edýändigi aýdylýar.

Ulgamyň 5 böleginiň ählisiniň Hytaýdan abanýan howplara garşy iki ýurduň serhedinde ornaşdyryljakdygyny ýazan gazet, birinji bölegiň üstümizdäki ýylyň aprel aýynda, galan 4 böleginiň bolsa 2023-nji ýylda ulanylmaga başlanjakdygyny habar berdi.

Habarda resmi Täze Deliniň Hindistanyň Russiýadan ýarag almagyna garşy durýan ABŞ-na “S-400” ulgamyny 3,488 kilometrlik Hytaý serhedine howplara sezewar bolýandygy üçin milli bähbitlere laýyklykda satyn alandygyny diplomatik hem-de howpsuzlyk kanallar arkaly beýan edendigi nygtalýar.

Hindistan Russiýadan S-400 howa goranyş ulgamyny 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda 4,5 milliard dollara satyn alypdy.

“Hindustan Taýms” S-400 ulgamlarynyň birinji tapgyrynyň gurnama işleriniň geçen aý Penjap welaýatynda tamamlanandygyny habar beripdi.



Degişli Habarlar