Demirgazyk Koreýa Şu Gün Irden Iki Ballistiki Raketa Synagyny Geçirdi

Demirgazyk Koreýa täze ýyldan bäri soňky synaglar bilen birlikde 4-nji raketa synagyny geçirdi.

1763556
Demirgazyk Koreýa Şu Gün Irden Iki Ballistiki Raketa Synagyny Geçirdi

Ýaponiýa, Demirgazyk Koreýanyň şu gün irden iki ballistiki raketa synagyny geçirendigini habar berdi.

Ýaponiýanyň Goranmak ministri Kişi Nobuo, Demirgazyk Koreýanyň ýerli wagt bilen 08.49-da we 08.-52-de iki aýry ballistiki raketa synagyny geçirendigini habar berdi.

Ministr Kişi, 50 kilometr bilen 300 kilometr aralygynda uçan raketalaryň deňize gaçandygyny nygtady.

Kişi, “Demirgazyk Koreýa raketa tehnalogiýalaryny kämilleşdirmek isleýär. Soňky döwürde yzly yzyna synaglar geçirýär we bu synaglar halkara jemgyýetçiligi tarapyndan howply” diýdi.

Ýaponiýanyň Ministrler kabinetiniň Baş sekretary Matsuno Hirokazu hem synaglar sebäpli hiç hili ýitgi çekmändiklerini aýtdy.

Günorta Koreýanyň Baş ştaby hem gysga menzilli ballistiki raketalaryň Sunan howa menzilinden uçurlandygyny habar berdi.

Demirgazyk Koreýa täze ýyldan bäri soňky synaglar bilen birlikde 4-nji raketa synagyny geçirdi.



Degişli Habarlar