Somalide bombaly hüjüm guraldy
Hüjümiň kim tarapyndan guralandygy barada entek maglumat berilmedi
Somaliniň paýtagty Mogadişu şäherinde guralan bombaly hüjümde hökümediň metbugat geňeşçisiniň ýaralanandygy habar berildi.
Somaliniň Milli habarlar agentlginiň berýän habaryna görä, Somaliniň hökümediniň metbugat geňeşçisi Muhammed Ibrahim Moalimuunyň öýüniň golaýynda şu gün irden bombaly hüjüm guraldy.
Hüjümde hökümediň metbugat geňeşçisi Muhammed Ibrahim Moalimuunyň ýaralanandygy we hassahanda bejergi astyna alynandygy aýan edildi.
Hüjümiň kim tarapyndan guralandygy barada entek maglumat berilmedi.
Degişli Habarlar
Hindistanda Myhmanhanada Bolan Ýangynda 6 Adam Ýogaldy
Ýangynda 6 adamyň ýogalandygy, 20 adamyň halas edilendigi bellenildi.
Eýranda Guralan Hüjümde 2 Adam Öldürildi
Terror guramasyna degişli ulag, ýaragly uçarmansyz howa ulagy tarapyndan nyşana alyndy.