ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherinde ýük otlylary talandy
Materiallarda Los-Anjeles şäheriniň golaýyndaky ýük otlylarynyň geçýän relsleriniň üstüniň paketler bilen gaplydygyny görüp bolýar
ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Los-Anjeles şäherinde ogrylaryň eýýäm ençeme aý bäri şäheriň merkezine girýän mahaly tizligini ýuwaşladýan ýük otlylaryny talandyklary ýüze çykdy.
Anadoly habarlar agentligine degişli topar, Los-Anjeles şäherinde ogrylaryň hünäri ýagdaýyna öwrülen ýük otlylarynyň geçýän zolagyny wideo düşürdi.
Ogrylar aglabasynyň gapysy açyk bolan ýük otlylarynyň Los-Anjeles şäherine girýän mahaly tizligini peseldýändiginden peýdalanyp, otlylary taladylar.
Özlerine gerek bolan we satyp bolýan zatlary ogrulan ogrylar, galan poçtalary bolsa relslere dökýärler.
Materiallarda Los-Anjeles şäheriniň golaýyndaky ýük otlylarynyň geçýän relsleriniň üstüniň paketler bilen gaplydygyny görüp bolýar.
Degişli Habarlar
Hindistanda Myhmanhanada Bolan Ýangynda 6 Adam Ýogaldy
Ýangynda 6 adamyň ýogalandygy, 20 adamyň halas edilendigi bellenildi.
Eýranda Guralan Hüjümde 2 Adam Öldürildi
Terror guramasyna degişli ulag, ýaragly uçarmansyz howa ulagy tarapyndan nyşana alyndy.