Eýranyň Günortasynda Ýer Titredi

Kirman welaýatynyň Sireç etrabynda 5,1 bal ululygynda ýer titremesi boldy.

1763142
Eýranyň Günortasynda Ýer Titredi

Eýranyň günortasynda ýerleşýän Kirman welaýatynyň Sireç etrabynda 5,1 bal ululygynda ýer titremesi boldy.

Tähran uniwersitetinden berlen beýannama görä, Kirman welaýatynyň Sireç etrabynda ýerli wagt bilen 17.05-de ýer titremesi boldy.

Ýer titremesiniň 12 kilometr çuňlukda bolandygy nygtaldy.

Eýranyň günortasynda ýerleşýän Pars aýlagynyň kenarynda Buşehr welaýatynyň Hark adasynda hem ýerli wagt bilen 15.55-de 4,3 bal ululygynda ýer titremesiniň bolandygy habar berildi.



Degişli Habarlar