Şwesiýa: "Russiýa Ýewropa howp saljak derejä geldi" diýdi

Şwesiýanyň Goranmak ministri Piter Hultkwist, Russiýanyň soňky ýyllarda artan aksiýalarynyň öz ýurdy başda bolmak bilen bütin Ýewropa howp saljak derejä gelendigini habar berdi

1760766
Şwesiýa: "Russiýa Ýewropa howp saljak derejä geldi" diýdi

Paýtagt Stokgolm şäherinde harby we goranyş güýjüniň ele alynan programmada çykyş eden Goranmak ministri Piter Hultkwist, Russiýanyň Ýewropa howp saljak derejä gelendigini beýan etdi. 

Piter Hultkwist: "Russiýanyň soňky ýyllarda artan aksiýalary ýurdumyz başda bolmak bilen bütin Ýewropa howp saljak derejä geldi" diýip mälim etdi. 

Ähli ýurtlaryň BMG-nyň ýörelgelerine laýyklykda öz özbaşdaklyk hukuklaryna eýediklerini aýdan Şwesiýanyň Goranmak ministri Piter Hultkwist, şoňa garamazdan Russiýanyň halkara hukugy äsgermän käbir ýurtlaryň howpsuzlygyna wehim salýandygyny aýan etdi. 

Piter Hultkwist: "NATO bilen hyzmatdaşlyk etmegimiz gerek, Ýewropa Bileleşigi Şwesiýa üçin möhüm we howpsuzlyk syýasat platformasydyr" diýip habar berdi. 

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, 21-nji dekabrda beren beýanatynda, ABŞ-na duýduryş berip, Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň NATO goşulmagyny islemeýändigini beýan edipdi. 

Şwesiýanyň Premýer ministri Magdalena Andersson bolsa: "Şwesiýada daşary syýasatymyzy we howpsuzlyk syýasatlarymyzy özümiz kesgitläris, olara daşarydan hiç kim goşulyp bilmez" diýip Putine reaksiýa bildiripdi. 



Degişli Habarlar