Gruziýa Türkiýeden Derman Alar

Bu barada Premýer-ministri İrakli Garibaşwili habar berdi.

1760062
Gruziýa Türkiýeden Derman Alar

Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwili ýurdunyň içerki bazaryny Türkiýeden getiriljek dermanlara açmagy meýilleşdirýändiklerini aýtdy

Garibaşwili Ministrler kabinetiniň mejlisinde geçen ýylyň ykdysady şertleri hakynda durup geçdi we 2022-nji ýylda ediljek başlangyçlar hakynda beýannama berdi.

Derman senagaty pudagynda Gruziýadaky ýokary nyrhlara ünsi çeken Garibaşwili degişli ministrligiň derman bazary boýunça habarnama taýarlandygyny we degişli özgertmeleriň ediljekdigini aýtdy.

Irakli Garibaşwili dermanlaryň nyrhynyň aşakladylmagy we ýokary hili dermanlaryň ýurda getirilmegi üçin Türkiýeden derman almak hakynda karara gelendiklerini mälim etdi.



Degişli Habarlar