Eýran Owgan Halkyna Ynsanperwer Kömegini Bermäge Dowam Eder

Owganystanyň Daşary Yşler ministriniň Wekili Emirhan Muttaki Eýrana Bardy

1760005
Eýran Owgan Halkyna Ynsanperwer Kömegini Bermäge Dowam Eder

Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan, Taliban hökümetiniň Daşary işler ministriniň wekili Emirhan Muttaki bilen duşuşdy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, Taliban hökümetiniň Daşary işler ministriniň wekili Emirhan Muttaki sapar bilen Tährana geldi.

Eýranyň Daşary işler ministri Adullahiýan Tähranda bolan duşuşykda, Owganystanda giň gerimli hökümetiň gurulmagy barada durup geçdi we owgan halkyna ynsanperwer kömegini bermäge dowam etjekdiklerini aýtdy.

ABŞ-nň alyp barýan Owganystan syýasatyny tankyt eden Abdullahiýan, resmi Waşington tarapyndan saklanan Owganystanyň emlagynyň ynsanperwer kömegi we ykdysady krizisiň çözülmegi üçin ulanylmagyna rugsat berilmelidigini nygtady.

Abdullahiýan, 1998-nji ýylda Eýranyň Mazary Şerif şäherindäki konsullygynda, eýranly 9 diplomadyň öldürlendigini ýatladyp, Talibanyň diplomatik wekilhanalaryň goralmagy jogapkärçiligini ýerine ýetirmegini isledi.

Owgan wekiliýet hem duşuşykda, terror guramasy DAEŞ-e we neşe söwdasyna garşy alyp barýan göreşlerini gürrüň berdi we ABŞ-nyň Owganystan syýasatyny tankyt etdi.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky suw meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.



Degişli Habarlar