Hytaýda binanyň partlamagy netijesinde 20 adam harabalyklaryň aşagynda galdy

Hytaýyň günorta-günbataryndaky Wulong sebitinde döwlet binasynda bolan partlama sebäpli 20 adam ýumrulan binanyň harabalyklarynyň aşagynda galdy

1759035
Hytaýda binanyň partlamagy netijesinde 20 adam harabalyklaryň aşagynda galdy

Şinhua habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, Wulong sebitiniň Çongçing şäherinde döwlet binasynyň naharhana bölüminde günortan partlama boldy. 

Resmiler tebigy gaz sebäpli bolandygyny çak edilýän partlama sebäpli binanyň bir böleginiň çökendigini, azyndan 20 adamyň binanyň ýumrulan böleginiň aşagynda galandygyny habar berdiler. 

Şaýatlar partlamanyň bolan mahaly adamlaryň naharhanada günortan naharyny iýendiklerini beýan etdiler. 

Sany entek anyk aýan edilmedik ýaraly adamlar hassahanada bejergi astyna alyndylar. Binada gözleg we halas ediş işleri dowam edýär. 


Etiketkalar: #partlama , #bina , #Hytaý

Degişli Habarlar