Braziliýanyň Prezidenti hassahana ýatyryldy

Braziliýanyň Prezidenti Žair Bolsonaru, garyn agyrysy sebäpli tiz kömek bilen hassahana ýatyryldy

1756389
Braziliýanyň Prezidenti hassahana ýatyryldy

Braziliýanyň San-Paulu şäherindäki Wila Nowa Star hassahanasyna ýatyrylan 66 ýaşyndaky ýurdyň Prezidenti Žair Bolsonarunyň içegesinde näsazlyk bolup biljekdigi habar berildi. 

Bolsonara anyk diagnozyň goýulmagy üçin häzirki wagtda Bagamalarda dynç alyşda bolan şahsy lukmany Antonio Luiz Masedonyň hassahana gelmegine garaşylýar.

Lukman Masedo, Bolsonaru üçin hirurgik işleriň gerek bolmajakdygyny pikir edýändigini belläp, çürt-kesik karary barlag işlerinden soň berjekdigini beýan etdi. 

Bolsonaru, 2021-nji ýylyň iýul aýynda hem içege näsazlygy sebäpli San-Paulu şäherindäki Wila Nowa Star hassahanasyna ýatyrylypdy we ol ýerde 4 gün bejergi alypdy. 



Degişli Habarlar