Belgiýada tebigy gaz sebäpli bolan partlamanyň netijesinde 4 adam ýogaldy

Belgiýanyň Gollandiýa serhediniň golaýynda ýerleşýän Turnhout şäherçesinde anna güni irden binalaryň birinde bolan tebigy gaz partlamasynda ýogalanlaryň sany 4 adama ýetdi

1756015
Belgiýada tebigy gaz sebäpli bolan partlamanyň netijesinde 4 adam ýogaldy

Turnhout şäherçesiniň häkimi Paul Wan Miert, partlama sebäpli diwarlary ýumrulan binanyň harabalyklarynyň arasynda geçirilen gözleg işleriniň tamamlanandygyny, wakada jemi 4 adamyň ýogalandygyny mälim etdi. 

Ozal habar tutyp bolmadyk 8 adamyň käbirleriniň partlamanyň bolan mahaly öýlerinde bolmandyklary anyklandy. 

Partlamada harabalyklaryň aşagynda galan bir zenanyň diri ýagdaýda çykarylandygy habar berildi. 

Ýaralanan bir adamyň hassahanadaky bejergisi bolsa dowam edýär. 

Turnhout şäherçesinde anna güni irden binalaryň birinde tebigy gaz sebäpli partlama boldy. 

4 gatly binanyň iň ýokarky gatynda bolan partlama sebäpli soňky 2 gatyň diwarlary ýumrulypdy. 

 



Degişli Habarlar