ABŞ Ukraina Meselesinde Alada Bildirdi

ABŞ Russiýanyň Ukraina serhedine goşun getirmegi sebäpli aladalanýar.

1748324
ABŞ Ukraina Meselesinde Alada Bildirdi

ABŞ-nyň Prezidentiniň Milli howpsuzlykdan jogapkär geňeşçisi Jek Sýulliwan Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň Daşary syýasat boýunça geňeşçisi Ýuriý Uşakowa Russiýanyň Ukraina serhedine goşun getirmegi sebäpli aladalanýandyklaryny beýan etdi.

Ak Tamyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň metbugat Sekretary Emili Nornyň beren ýazmaça beýannamasyna görä Sýulliwan we Uşakow telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler.

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň arasynda 7-nji dekabrda gçirilen duşuşygyň dowamy häsýetindäki telefon söhbetdeşliginde Sýulliwan ABŞ-nyň Ukraina serhedine Russiýanyň goşun getirmegine güýç alada bildirdi.

Sýulliwan ABŞ-nyň howpsuzlyk we strategiýa meselelerini diplomatiýa bilen çözmäge synanşýarka ýewropaly hyzmatdaşlary bilen ýakyndan işleşmäge dowam etjekdigini nygtap, ABŞ-nyň döwlet Sekretarynyň Ýewropa we Aziýa işlerinden jogapkär orunbasary Karen Donfriediň 16-njy dekabrda utgaşyklygyň ýola goýulmagy üçin Belgiýanyň paýtagty Brýusselde NATO-nyň ýaranlary bilen duşuşjakdygyny beýan etdi.



Degişli Habarlar