Eýran Kerej Ýadro Desgasynda Gözegçilik Üçin Sanksiýalaryň Bes Edilmegini Isleýär

Eýranyň Atom energiýasy guramasynyň Başlygy Muhammed Islami ähli taraplaryň şertleri berjaý etmelidigini aýtdy

1747348
Eýran Kerej Ýadro Desgasynda Gözegçilik Üçin Sanksiýalaryň Bes Edilmegini Isleýär

Eýranyň Atom energiýasy guramasynyň Başlygy Muhammed Islami Halkara atom energiýasy gullugy bilen Tähranyň arasynda düşmüşmezlige sebäp bolan Kerej ýadry desgasynda gözegçilik işleriniň geçirilmegi üçin sanksiýalaryň bes edilmelidigini aýtdy.

Paýtagt Tähranda geçirilen çärelerden birine gatnaşan Islami, döwlet habar beriş serişdelerine beren beýanatynda Kerej ýadro desgasynda derňew işleriniň geçirilmeginiň we ýadro ylalaşgyna degişli bolan ugurlaryň Tähran bilen Gullugyň araasyndaky Howpsuzlyk gözegçiligi hakyndaky ylalaşyga degişli däldigini beýan etdi.

Beýleki ýurtlar ýadro ylalaşygyndaky kepillendirmelerini berjaý eden halatynda Eýranyň hem ony ýerine ýetirjekdigini aýdan Islami; “Sanksiýalar dowam edýärkä ýadro ylalaşygyndaky kepillendirmelerimizi berjaý etmegimiz boýunça gysyş üçin hiç hili sebäp ýok. Ýadro ýaraglarynyň ýaýbaňlandyrylmagynyň öňüniň alynmagy hakyndaky ylalaşyk bilen Howpsyzlyk gözegçiligi ylalaşygyna laýyklykda hereket edýäris. Şolardan başga şertleri kabul etmeris” diýdi.

Islami, Eýran bilen Halkara atom energiýasy gullugynyň arasyndaky gatnaşyklaryň adybir ylalaşyklaryň kadalaryna görä bolmalydygyny beýan edip, Gullugyň Eýrandaky ýadro maksatnamalaryny şol çäkde derňeýändigini aýtdy.

Eýranyň ýadro maksatnamasy hakyndaky habarlaryň Ysraýyl tarapyndan öňe sürülendigini beýan eden Islami; “Ýadro ylalaşygynyň şertleri ähli taraplar berjaý etmeli. Eýran wadalaryny berjaý etmeli, başgalar ýerine ýetirmeli däl diýilýän zat bolmaz” diýdi.

 



Degişli Habarlar