Germaniýa Russiýa Ukraina babatynda duýduryş berdi

Germaniýa Russiýa Ukraina garşy islendik militaristik herekete girişen halatynda ýokary derejede syýasy we ykdysady taýdan jogap berjekdigi barada duýduryş berdi

1745386
Germaniýa Russiýa Ukraina babatynda duýduryş berdi

Germaniýanyň Daşary işler ministri Annalena Baerbok, wezipä başlanyndan 1 gün soň Fransiýanyň paýtagty Pariže guran saparynda Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda başdan geçirilýän dartgynlygyň üstünde durup geçdi.

Baerbok, Russiýa babatynda Ýewropanyň umumy pozisiýa eýelemeginiň gerekdigini beýan etdi.

Nemes ministr: "Ukrainanyň territorial bütewiligi we özygtyýarlylygy biz üçin gepleşiklere açyk däl" diýip, häzirlikçe ileri tutýan ugurlarynyň harby dartgynlygyň öňüniň alynmagydygyny habar berdi.

Baerbok, Russiýanyň Ukraina döwletine garşy islendik militaristik herekete girişen halatynda ýokary derejede syýasy we ykdysady taýdan jogap berjekdigi barada duýduryş berdi.



Degişli Habarlar