Baýden Eýran Meselesinde Egindeşlerine Görkezme Berdi

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden egindeşlerine diplomatik tagallalardan netije alynman halatynda Eýrana garşy  başga alternatiwleriň seljerilmegi üçin görkezme berdi.

1745743
Baýden Eýran Meselesinde Egindeşlerine Görkezme Berdi

Ak Tamyň Metbugat sekretary Ýen Psaki geçiren metbugat ýygnagynda ABŞ-nyň Eýrana garşy ykdysady basyşyny artdyrjakdygy hakyndaky habarlar hakynda Eýran meselesinde diplomatiýanyň ileri tutulýandygyny aýtdy.

Psaki: “Emma Eýranyň ýadro maksatnamasynda ýetilen sepgitlere görä Prezident Baýden egindeşlerine diplomatiýadan netije alynman halatynda görüljek çärelere taýarlykly bolunmagy üçin görkezme berdi. Şeýle bolan halatynda başga alternatiwleri seljereris” diýdi.

Eýrana ykdysady sanksiýalardan halas bolmagyň ýeke-täk ýolunyň ýadro ylalaşygynyň şertlerini berjaý etmekden ybaratdygyny aç-açan beýan edendiklerini nygtan Psaki: “Ýakyn gelejekde diplomatiýa ýoluna girilmese we Eýranyň ýadro maksatnasyny güýçlenmäge dowam eden halatynda Eýranyň önümçilik pudaklaryndan alýan girdejisini çäklendiriji goşmaça çäreleri görmekden başga ýol galmaz. Emma bu meselede artykmaç maglumat berip bilmerin” diýdi.

Psaki ABŞ-nyň Gazna ministrliginiň wekiliýetiniň geljek hepde Birleşen Arap Emirliklerine sapar gurajakdygyny we Eýranyň BAE-niň üsti bilen sanksiýalaryň düzgünlerini bozujy aksiýalary amala aşyryp aşyrmaýandygyny seljerjekdigini nygtady.



Degişli Habarlar