Baýden Putin bilen wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly söhbetdeş boldy

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden we Russiýanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin, wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly geçiren söhbetdeşliklerinde Ukraina serhedindäki dartgynlygy maslahatlaşdylar

1744548
Baýden Putin bilen wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly söhbetdeş boldy
putin-biden.jpg
putin-biden1.jpg

Ak Tam Baýden bilen Putiniň arasynda geçen wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly söhbetdeşliginiň düýn 2 sagat 1 minut dowam edendigini habar berdi. 

Baýdeniň ABŞ-nyň we Ýewropaly hyzmatdaşlarynyň, Russiýanyň Ukraina serhediniň golaýyndaky harby barlygyny artdyrmagyna alada bildrýändiklerini aýdandygy bellenen beýanatda: "Baýden Russiýanyň Ukrainada harby dartgynlygy artdyran halatynda ABŞ-nyň we hyzmatdaşlarynyň güýçli ykdysady we beýleki çäreleri görüp jogap berjekdigini açyk ýagdaýda nygtap geçdi" diýip mälim edildi. 

Göni wideoaragatnaşyk arkaly geçen söhbetdeşlikde Baýdeniň, Ukrainanyň özygtyýarlylygyna we territorial bütewiligine berýän goldawyny nygtap geçendigi aýdylýan beýanatda, ABŞ-nyň Prezidentiniň dartgynlygyň azaldylmagy we diplomatiýa gaýdyp gelinmegi barada çagyryş berendigi aýan edildi. 

Kreml tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda bolsa, söhbetdeşligiň açyk we işewürlige gönükdirilen häsýetde geçendigi bellenip, iki lideriň 16-njy iýunda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilen maslahatda kabul edilen kararlaryň durmuşa geçirilmegini ele alandyklary mälim edildi. 

Ukraina meselesiniň hem ele alynandygy bellenen beýanatda, 2015-nji ýylda gazanylan Minsk ylalaşygynyň durmuşa geçirilmeginde öňe gidişlikleriň edilmändigi beýan edildi. 

Russiýanyň we ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň kanagatlandyryjy häsýetde bolmandygyna ünsler çekilen söhbetdeşlikde, Putin Baýdene iki ýurdyň diplomatik missiýalarynyň işlerine garşy girizilen çäklendirmeleriň dolulygyna aýrylmagy baradaky teklibini orta atdy. 



Degişli Habarlar