Şwesiýanyň Ilkinji Zenan Premýer-ministrniň Wezipesi 7 Sagat Dowam Etdi
Mandalena Andersson 7 sagat soň wezipesinden çekilendigini mälim etdi.
Şwesiýanyň ilkinji zenan Premýer-minisri hökmünde saýlanan Mandalena Andersson 7 sagat soň wezipesinden çekilendigini mälim etdi.
Sosýal demokrat partiýanyň lideri Andersson, düýn irden parlamentde geçirlen sese goýulşykda ynam sesini alyp Şwesiýanyň ilkinji zenan premýer-ministri hökmünde saýlanypdy.
Şäriklik hökümetiniň agzasy Ýaşyllar partiýasy, sag partiýalar tarapyndan taýarlanan bujediň mejlisde kabul edilmeginden soň şäriklik hökümetinden çekilendigini habar berdi.
Ýaşyllar partiýasynyň hökümetden çekilmeginden soň Premýer-ministr Andersson hem wezipesinden çekilendigini mälim etdi.
Anderssonyň premýer-ministrligi 7 sagat dowam etdi.
Ýaşyllar partiýasynyň egindeş baştutany Bolund “Sag partiýalar tarapyndan taýarlanan bujet bilen ýurdy dolandyrmak islemeýändigimiz sebäpli hökümetden çekilmegi saýlap aldyk” diýdi.