Putin Bilen Merkel, Belarus-Polşa Serhedinde Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy

Merkel bilen Putin telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

1732139
Putin Bilen Merkel, Belarus-Polşa Serhedinde Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy

 Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin Belarus-Polşa serhedinde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Nemes hökümetiniň metbugat geňeşçisi Seibert, Twitterden beren habarnamasynda Federal Kansler Merkeliň Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini mälim etdi.

Habarnamada iki lideriň Belarus-Polşa serhedinde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşandygy bellenildi.

Merkel, Belarus hökümetiniň migrantlara garşy aşa güýç ulanylmagynyň kabul edilip bilinmejekdigine ünsi çekdi we Putinden bu mesele boýunça resmi Minks bilen gepleşik geçirmegini isledi.



Degişli Habarlar