1976-njy Ýylda Öndürilen Apple Kysymly Kompýuter 400 Müň Dollara Satyldy

Stiw Wozniak, Stiw Jobs we Ronald Waýne dünýä meşhur “Aplle” firmasyny 1976-njy ýylyň 1-nji aprelinde Kaliforniýadaky ulag garažynda döredipdi.

1731993
1976-njy Ýylda Öndürilen Apple Kysymly Kompýuter 400 Müň Dollara Satyldy

“Apple” firmasynyň esaslandyryjysy Stiw Wozniak we Stiw Jobs tarapyndan 1976-njy ýylda öndürilen original “Apple” kysymly kompýuter 400 müň dollara satyldy.

“BBJ-niň” habar bermegine görä daşy seýrek duş gelýän Hawai koa agajyndan ýasalan we 200 sany öndürilen hem-de gurat bolan original “Apple 1”kompýuter ABŞ-daky auksionda 400 müň dollara satyldy.

Kaliforniýadaky Jon Moran Auksiners öýüniň beren maglumatyna görä kompýuteriň ilkinji ulanyjysynyň uniwersitetiň professorydygy we soň kompýuteri 650 dollara talyplaryndan birine satandygy beýan edilýär.

Auksionda satylan original kompýuteriň ýanynda ulanylyşyny düşündirýän 2 kasseta we “Apple” tilsimat maksatnamasyny hem berildi.

Stiw Wozniak, Stiw Jobs we Ronald Waýne dünýä meşhur “Aplle” firmasyny 1976-njy ýylyň 1-nji aprelinde Kaliforniýadaky ulag garažynda döredipdi.

Firmanyň ilkinji ýyllarynda “Apple 1” kompýuteriniň öndürilmegini maliýeleşdirmek üçin Jobs we Wozniak käbir şahsy goşlaryny satmaly bolýar.



Degişli Habarlar