Russiýada koronawirus epidemiýasyna garşy ýurdyň goşuny işe girişdi

Koronawirus epidemiýasynyň täsiriniň dowam edýän Russiýada ýurdyň goşuny işe girişdi

1728858
Russiýada koronawirus epidemiýasyna garşy ýurdyň goşuny işe girişdi

Russiýanyň Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda epidemiýanyň täsir ýetiren sebitlerine goldaw maksatly lukmanlaryň ugradylandygy we ol ýerlere harby hassahanalaryň guruljakdygy mälim edildi. 

Russiýanyň Prezidentiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow, ýurda täsir ýetirmäge dowam eden Kowid-19 epidemiýasy bilen baglanşykly metbugat işgärlerine beýanat berdi. 

Ýurtda dowam edýän çäkli ýagdaýdaky ýapylyş tapgyrynyň dowam edip-etmejekdigi bilen bagly entek karar kabul edilmändigini aýdan Peskow: "Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň kararnamasyna görä, çäkli ýapylyş tapgyry 7-nji noýabra çenli dowam eder. Islendik karar kabul edilen halatynda size iň gysga wagtda habar bereris" diýip aýan etdi. 

Dmitriý Peskow, epidemiýanyň täsiriniň azalmaýanlygy sebäpli Putiniň Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu görkezme berendigini belläp: "Sebitlere hünärmenler ugradyldy. Putin, harby hassahanalaryň gurulmagy barada buýruk berdi" diýip habar berdi. 

Russiýanyň Koronawirus ýokanç keseline gözegçilik we öňüni alyş merkezinden berilen beýanata görä, soňky 24 sagatda Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 1189 adam artyp, 242 müň 60 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 40 müň 443 adam artyp, jemi 8 million 633 müň 643 adama ýetdi. 



Degişli Habarlar