Owganystan bilen Pakistanyň arasyndaky gümrük geçelgesi ýaňadandan açyldy

Owganystan bilen Pakistanyň arasyndaky Spin Boldak gümrük geçelgesi raýatlar we ulaglar üçin ýaňadandan açylandygy mälim edildi

1728221
Owganystan bilen Pakistanyň arasyndaky gümrük geçelgesi ýaňadandan açyldy

Owganystanyň mediasynyň berýän habaryna görä, Owganystanyň Kandagar welaýatynyň Spin Boldak etraby bilen Pakistanyň Bulujystan welaýatynyň Çemen şäheriniň arasyndaky gümrük geçelgesi 1 aý arakesmeden soň ýaňadandan açyldy.

Pakistanyň Kabul şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Mensur Ahmed Han, sosial mediadan beren habarynda, Spin Boldak gümrük geçelgesiniň raýatlar we ulaglar üçin açylandygyny, Pakistanyň hökümetiniň 31-nji dekabra çenli Owganystanyň halkyndan wiza tölegini almajakdygyny mälim etdi.

Ady agzalan gümrük geçelgesinden ýerli wagt bilen sagat 08:00-dan 16:00-a çenli geçip boljakdygy habar berildi.

Iki ýurdyň arasyndaky möhüm iki gümrük geçelgesi bolan Spin Boldak we Torkham gümrük geçelgeleri, awgust aýyndan bäri hem Pakistan hem-de Taliban tarapyndan birnäçe gezek açylyp-ýapylypdy.



Degişli Habarlar