Saud Arabystany Müsüre we Pakistana 3 milliard dollar depozit ýatyrdy

Saud Arabystany Müsüre we Pakistana hersine 3 milliard dollar depozitiň ýatyrylandygyny habar berdi

1727356
Saud Arabystany Müsüre we Pakistana 3 milliard dollar depozit ýatyrdy

Saud Arabystanynyň habarlar agentligi SPA-nyň ýurdyň Maliýe ministrliginden alyp beren beýanatynda: "Saud Arabystany koronawirus epidemiýasy tapgyrynda mätäç bolan ýurtlaryň walýuta ätiýaçlaryny goldaýan öňbaşçy ýurtlaryň biridir" diýip habar berildi.

Beýanatda Saud Arabystanynyň Müsüriň Merkezi bankyna 3 milliard dollarlyk depozit ýatyrandygy, ozal ýatyrylan 2,3 milliard dollarlyk depozitiň töleg senenemasynyň möhlediniň bolsa uzadylandygy mälim edildi.

Beýanatda Saud Arabystanynyň Pakistanyň tölegler deňagramlylygyny goldamak maksady bilen beren 1,2 millard dollarlyk söwda maliýesi bilen Pakistanyň Merkezi bankyna 3 milliard dollar berendigi aýan edildi.



Degişli Habarlar