La Palmadaky wulkandan lawalar akmaga dowam edýär

Ispaniýanyň Milli Geografiýa instituty, adada 32 ýer titremäniň bolandygyny habar berdi

1728114
La Palmadaky wulkandan lawalar akmaga dowam edýär

Ispaniýanyň günorta-günbataryndaky La Palma adasyndaky Kumbre Wýeha wulkanynda 19-njy sentýabrda başlan hereketlilik, adanyň ýaşaýjylarynyň gündelik durmuşyna ýaramaz täsir ýetirmäge dowam edýär.

Ispaniýanyň Milli Geografiýa instituty, adada 32 ýer titremäniň bolandygyny, şolaryň 13-siniň ululygynyň 3 baldan ýokarydygyny aýan etdi.

Adada bolan we ululygy iň köp bolan ýer titreme bolsa 3,6 bal hökmünde hasaba alyndy.

Kanar adalarynyň Wulkanyň adatdan daşary ýagdaý meýilnamasynyň çäginde adada ýaşaýan adamlara gapylaryny we penjirelerini ýapmak, çagalaryň öýden daşary çykmazlyklaryny üpjün etmek, açyk meýdanlara çykmazlyk, suw çeşmeleri we ammarlary aýawly saklamak barada çagyryş berildi.



Degişli Habarlar